lirik lagu s.g.sada – akylym [ goşgy ] [ 2müň14 ]
ýazyşan hatlarymyzam bag bolupdyr bilseň eý akylym?!
aýlandym arasynda, ýöne hiç~haýsynda saýa ýok
başlary egilen, ýöne hiç~haýsynda miwe ýok
kä wagt daragyt ösenok eken, bolsada kök
gök dur asmanymyň ýüzem indi bulutly
gör indi bilseň dury suwmyzam bulandy
älemgoşar çykypdyr, ýöne olam iki reňkli
biri gara biri ak, aýt sen bulaň haýsy reňki?
ýalňyz balyk ýaly ýüzýän, öwrenýän kölüňdäki ülkäni
goý deňiz ýuwutsyn indi köňlüňdäki öýkäni
goý teatyrymda oýnasyn ýene gurjaklar
düýşlerime gel, ogşaýyn seni ýene gujaklap
gidenlere goşulma, olar onsuzam çyzylanlar
diňe güleňde görünsin maňlaýyňda çyzyklar
gül gurady, ýöne umytlarym oňa suw berýär
bilseň gyşda~da gün çyksa gar ereýär
seret salam berýär ýene maňa ýekelik
yşga urdurma meni, onsuzam derdim ýeterlik
bugünem eýýäm bahar, seret köp zada janlandy
menden hem şol, söýgiň güýzde jan alany
eştýäňmi akylym? eý janlaryň janany!
saňa rugsat, kakman gir gapymdaky jaňlary
seret suratyňam goşgy bilen çekýän depderimde
ak~gara reňkli, reňklerem ýiten dertlerimde
ellerimden tut, asmana uçaly el tutuşyp
gel ezizim bol maňa ganat, eý guşum
hawa men däli, men seň ugruňda diwana
yşk ugrunda etdiň perişan, boldym perwana
eştýäňmi? içimdäki yşk derdiniň gohuny?
ýene aýdym edip yzyndanam çekerin golumy
sazymy çalsyn bagşy, menem azajyk gürläýin
gitsin sowuk aýazlar, rugsat ber menem indi gülläýin
Lirik lagu lainnya:
- lirik lagu nrbq – blame it on the world
- lirik lagu sail’s end – the sound of silence ii: electric boogaloo
- lirik lagu slowlyfaintly – all the good things
- lirik lagu sizor – почему всё снова (why is it all over again)
- lirik lagu mikrowolnovkached – люби котят (love kittens)
- lirik lagu baccus records – ate
- lirik lagu og pippi – codeine drops
- lirik lagu funeral – tramadol
- lirik lagu rayce – tetela
- lirik lagu 田亞霍 (elvis tian) – 小醋瓶 (my little darling)