lirik.web.id
a b c d e f g h i j k l m n o p q r s t u v w x y z 0 1 2 3 4 5 6 7 8 9 #

lirik lagu iska muslim - täzeden

Loading...

[intro: mxrpheus]
mxrpheus

[verse 1: dz~ed]
ýalňyşlarymam özüme meňzeş olar gazaply
asmandaky aý ýaly menem, bir tarapym garaňky
bir tarapym ýagty, şaýat ýanymdaky
özüňe ynanmak gerek hiç kimiň ynanmadyk wagty
ýok çäresi ýok, belkide çäresi ýok sen döretmeseň
gämisi ýok, arzuwlaryň gämisi ýok sen ýöretmeseň
ýetip bilerden has kyn hyýallar kinodaky ýaly
çöregiň minnetlisi awy
sen hiç bolmasaňda razy (ýene)
ynanaý hiç kim söz bermedi bize ýeňil ýeňişleri
sen bileňok ukysyz gijelerimi
başa barmadyk netijeleri
ykbalyň ýüzüme gülmedigi
däl ertirem gülmejegi
däl hiçkimiň söýmejegi
däl gadrymy bilmejegi
ýitirip tapana döner meni öňler salama ýagdaýy bolmadyk
ýöne ýanymda dostlarym barka bu’ ýollaryň tikeni alada bolmady maňa
gapana düşsede şir (şir)
ol henizem şir
sen işle ýadama işle hemme arzuwlaryňa ýetmek üçin
[chorus: serdar agaly]
damarlarda barka hereket
däli derýalara meňzeş
sönmek bolmaz bize, durmak bolmaz bize
käte säginsegem
ýalan diýsinler
goý maňa örän ýaman diýsinler
ýöne ýetemde hemme arzuwlaryma
meni täzeden söýerler täzeden

[verse 2: iska muslim]
ýeňil däl, kynam däl, gysga däl, uzyn däl
arzuwlaň’ ýolundan çykmadyk ýene umyt kän
söygi däl, hasrat däl, gorky däl, mertlik däl
arkadan gelen dostlarmyň badaklary ýykdy kän
ýerimden galypdym saga~soluma bakypdym
üstümi kakypdym ýene bir ädim atypdym
ýumruklar çapykdy, hemme gapylar ýapykdy
her ädilen ädimler maňa täze bir sapakdy
nämeler öwrendik biz bul ýerden?
ýene nämeler öwrenmek gerek we kimlerden?
wagtymyz känmi? bilmedim!
men duýýan urup dur ýürek täzeden başlan ýaly
ganatlar uçmana taýyn 18 yaşan ýaly
beýnide pikirlerimiz gaýnap dur, damarlarda aýlap durs bu ganlary hem demler gaýtalanyp dur
ýürekler böküp dur bizem gorkyny bukup durs ýene
aýakda dik durs seret ine
[chorus: serdar agaly]
damarlarda barka hereket
däli derýalara meňzeş
sönmek bolmaz bize, durmak bolmaz bize
käte säginsegem
ýalan diýsinler
goý maňa örän ýaman diýsinler
ýöne ýetemde hemme arzuwlaryma
meni täzeden söýerler täzeden


Lirik lagu lainnya:

LIRIK YANG LAGI HITS MINGGU INI

Loading...