lirik.web.id
a b c d e f g h i j k l m n o p q r s t u v w x y z 0 1 2 3 4 5 6 7 8 9 #

lirik lagu däli däde - garaş biraz (aşgabat)

Loading...

yeah
gözümi açyp ilki seni gördüm
alla meni ýalkady başdan ýöne näme edeýin gözüm kördä
“ot hem has yaşylmyşyn beýleki tarapda” diýdiler
men diýdim: “barlap gorjek”
ak düşenson saçyma
nirä bukulup gaçsamam
eräp gider yaşlygym
duýmandyryn barşyma…

senden aýra bolmak kyn aşgabat
uzakda bolsaňam seni taşlaman
garaş biraz…
nira barsam gelmişek hasap
gitdim diýip gelejek ýasaryn
ýygyrt düşen elimde hasam
(aglap başlaryn)

düşdüm ýagyşa
öz şäherimiň daşynda ýaşap
gelemde gitmedik ýaly garşyla meni
aýdyp ber eşidenleriňi
saňa guradyp geldim ençe deňizi
biziň dostlugumuzam ömürden uzyn

şunça ýyl maňa çydadyň
menem saňa çydadym
indi aýralyk barýar meni aljyradyp
ýadymda ýok senden başga açylanym
meň gidenimden soň kime berdiň açaryňy?!
ýazan hatlarym bardymy saňa?
hany gürle birzat dymmasana!
jogap gelenok senden gynansamam
garaşýan her güni yza sarap
gonaryn şaheriň synasyna
soňam

gaýra illeň irisinde solaryn
“gaýdyp gitme” diýip gygyrsaňam günde: “dolan!”
aýdyp gitdim geçen sapar eşitmediň onam
aýdym ýitdi ejem dagy seň ýanyňda olam (olam)

saňa ynandym dostlarymy
düşündirmäýin gowusy men
sen meň ganyma gowy siňen
ümsümligiňde ünsimem
meniň tarabyma öwüsiber…

senden aýra bolmak kyn aşgabat
uzakda bolsaňam seni taşlaman
garaş biraz…
nira barsam gelmişek hasap
gitdim diýip gelejek ýasaryn
ýygyrt düşen elimde hasam
(başdan başlaryn)


Lirik lagu lainnya:

LIRIK YANG LAGI HITS MINGGU INI

Loading...